Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Halkara ösüşi boýunça agentliginiň (USAID) Türkmenistandaky wekili bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ABŞ-nyň Halkara ösüşi boýunça agentliginiň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşyp, gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň zerurlygyny bellediler. 2021-nji ýylda bilelikdäki işiň ugurlaryna garaldy.
Taraplar Merkezi Aziýada we Owganystanda parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek üçin «С5+1» görnüşli hyzmatdaşlykda tagallalary birleşdirmek barada pikir alyşdylar.