17-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow
milli Liderimiziň ozal berlen tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da,
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň
sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bu meseleleri öwrenmek üçin hem-de umuman, ýokary
hünär bilimini bermek ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, iş topary
döredilip, onuň düzümine Bilim, Daşary işler we Adalat ministrlikleriniň
hünärmenleri girdi.
Topar bilim edaralaryny bu sanawa goşmak üçin
halkara guramalar tarapyndan kesgitlenilen ähli görkezijileri öwrenip,
«Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli
ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň
meýilnamasyny» taýýarlady.
Meýilnama laýyklykda, ýokary okuw mekdepleri
halkara akkreditasiýa alarlar, talyplaryň we professor-mugallymlaryň halkara
akademiki hereketliligi ýola goýlar, dünýä ylmynyň gazananlary we toplanan
milli tejribäniň esasynda okuw we ylmy işlerine innowasion usullar
ornaşdyrylar.
Şeýle hem ylmy-mugallymçylyk işgärleriniň
taýýarlygyny kämilleşdirmek hem-de tölegli esasda okadylýan ýokary okuw
mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek meýilleşdirilýär.