26-njy martda Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň nobatdaky sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen
mejlisinde wise-premýer P.Agamyradow «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 —
2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakynda»
Kararyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyny
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Işlenilip
taýýarlanylan meýilnama laýyklykda, ýakyn bäş ýylda sanly tehnologiýalary
giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini täze derejä çykarmak, ylmyň, bilimiň
we önümçiligiň arasyndaky özara baglanyşygy has-da işjeňleşdirmek, milli ykdysadyýetimizdäki
sanly özgertmeleri ylmy-tehniki we intellektual taýdan üpjün etmek göz öňünde
tutulýar.
Şeýle hem milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerini nazara almak bilen, iň
täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýurdumyzyň ylym-bilim
edaralarynyň arasynda gatnaşyklary hem-de giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek
meýilnamasy düzüldi.
Hormatly
Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy
ulgamy arkaly wise-premýere ugratdy hem-de bu maksatnamany ýerine ýetirmek
boýunça degişli görkezmeleri berdi.