Döwlet Baştutanymyz
düýn geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde, ykdysady
jenaýatlara garşy göreşi güýçlendirmek, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň
işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara
garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Türkmenistanyň Içeri işler
ministrligine birleşdirmek hakyndaky Permana gol çekdi we bu edaranyň
ýolbaşçysyna täze düzümiň işini talabalaýyk guramak üçin degişli çäreleri
görmegi tabşyrdy.