Şu gün Watan
goragçylarynyň güni mynasybetli hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar
toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Dabara ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýolbaşçylary, serkerdeler hem-de esgerler gatnaşdylar. Täze
binalar we desgalar toplumynyň döwlet Baştutanymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda
açylyp, ulanmaga berilmegi ýurt parahatçylygymyzyň goragynda sak durýan merdana
Watan goragçylarynyň hünär baýramyna mynasyp sowgat boldy.
Döwlet
Baştutanymyzyň dikuçarda täze toplumyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine
gelmegi bilen, bu ýere ýygnananlaryň şowhuny has-da belende göterildi. Bu ýerde
hormatly Belent Serkerdebaşymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
ýolbaşçylary we köp sanly dabara gatnaşyjylar mähirli garşyladylar.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň
açylmaga taýýardygy barada hasabat berenden soň, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy binalar we desgalar toplumynyň esasy girelgesine tarap
ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň
ýerine ýetirmeginde Döwlet senamyz belentden ýaňlandy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny
kesdi hem-de täze binalar we desgalar toplumynyň ulanyşa berilmegine ak pata
berdi.
Milli
goşunymyzyň harby bölümleriniň «Aga gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan
gurlan täze, döwrebap binalar we desgalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam
meýdançasyndan, esger naharhanasyndan, medeniýet öýünden, esger ýatakhanalaryndan,
lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, päsgelçilik ýodasyndan,
meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar
meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybarat bolup,
olarda harby gullukçylar üçin amatly mümkinçilikleriň ählisi göz öňünde
tutulandyr.
Ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow toplumyň
dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy
düzüminiň adyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň
mekany» diýlip atlandyrylan nepis türkmen halysy sowgat berildi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz dolandyryş binasyndan çykyp, esger ýatakhanasyna bardy we bu ýerde
çagyryş boýunça harby gullukçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Esger
ýatakhanasynda otaglaryň ýagtylandyrylyşy, howany sowadyş we ýyladyş ulgamlary talabalaýyk
ýola goýlupdyr. Ýatakhanada ýerleşdirilen mebelleriň, hojalyk tehnikalarynyň
hem-de beýleki esbaplaryň ählisi döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde,
çagyryş boýunça harby gullukçylar ýatakhananyň içinde göwnejaý dynç almaga, milli
teleýaýlymlara tomaşa edip, ýurdumyzdaky täzeliklerden habarly bolmaga
mümkinçilik alýarlar. Ýatakhananyň içinde gündelik lybaslary we sport
eginbaşlaryny, okuw esbaplaryny hem-de ýuwunyş serişdelerini saklamak üçin
niýetlenilen döwrebap tekjeler ýerleşdirilipdir. Bu ýerde ýuwunmak, timarlanmak
üçin otaglar, egin-eşikleri saklamaga niýetlenilen goşhana, durmuş taýdan
hyzmat ediş otagy orun alypdyr. Ýatakhananyň çäginde hereket edýän «Galkynyş»
medeni-dynç alyş otaglary bolsa çagyryş boýunça harby gullukçylar bilen
jemgyýetçilik-ynsanperwer taýýarlygyndan sapaklary talabalaýyk guramaga, şahsy
düzümiň boş wagtlarynda çeper edebiýatlar, döwürleýin neşirler bilen
tanyşmagyna, küşt-şaşka oýunlary bilen meşgullanmaklaryna mümkinçilik berýär.
Soňra
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy täze toplumyň nyzam
meýdançasyna tarap ugur alyp, bu ýerde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
ygtyýaryna gelip gowşan, ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan täze
harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy.
Hormatly
Belent Serkerdebaşymyz täze toplumyň esger naharhanasyna baryp gördi. Naharhana
döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän häzirki zaman enjamlary bilen birkemsiz üpjün
edilipdir.
Soňra hormatly
Prezidentimiz toplumyň günbatar tarapynda ýerleşýän meýdan okuw-türgenleşik suw
howdanyna tarap ugur alyp, ýolugra sport meýdançasynda hem-de päsgelçilik
zolagynda ýaýbaňlandyrylan harby gullukçylaryň görkezme çykyşlaryny synlady.
Soňra
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy meýdan okuw-türgenleşik
suw howdanynyň syn ediş ýerine gelip, bu ýerde ýöriteleşdirilen awtoulaglaryň
kömegi bilen suwuň üstünde köpriniň gurnalyşyny we onuň üstünden harby
tehnikalaryň geçişini synlady.
Görkezme
çykyşlary tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde bina edilen
harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap
ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň
çäginde jemi 200 hojalyga niýetlenen her biri 50 öýli, 4 gatly 4 sany döwrebap
ýaşaýyş jaýy, şeýle hem sadaka jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy,
awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän bu
döwrebap ýaşaýyş jaýlary harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň
döwrebap ýaşaýşy üçin ähli amatlyklaryň döredilmegi bilen bagly işleriň hemişe
üns merkezinde saklanylýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Hormatly
Prezidentimiz täze ýaşaýyş jaýyndan paýly bolmak bagtyna eýe bolan harby
gullukçynyň maşgala ojagynda myhman boldy. Döwlet Baştutanymyzyň şa gadamyndan
göwünleri joşan bagtyýar maşgala Arkadagly Gahryman Serdarymyzy mähirli
garşylady.
Harby
gullukçynyň mähriban gyz perzentleri täze jaýdan paýly bolmagyň buýsanjyny şahyrana
goşgy setirleriniň hem-de «Läleleriň» üsti bilen beýan etdiler. Döwlet
Baştutanymyz täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary
bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz merdana Watan
goragçylary we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça işleriň
yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, täze jaýa göçüp gelen maşgala
agzalaryna sowgatlary gowşurdy.
Soňra
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar
toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar
toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Harby we
hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny
üpjün etmek boýunça mukaddes borjy abraý bilen berjaý etjekdiklerine
ynandyrdylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu
ýerden ugrady.
***
Türkmenistanyň
Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň
çäginde ýerleşýän Medeniýet öýi medeni-köpçülik çärelerini, döredijilik
duşuşyklaryny, terbiýeçilik agşamlaryny geçirmek üçin niýetlenilen tomaşaçylar
zalyny, giň we bezemen sahnany, döwrebap kitaphanany, harby bölümiň taryhyny
şöhlelendirýän muzeýi, gurnaklary geçirmek üçin niýetlenen çagalar üçin okuw
otagyny hem-de ähli amatlyklar bilen üpjün edilen beýleki iş otaglarynyň
ençemesini özünde jemleýär.
Harby bölümiň
döwrebap Lukmançylyk nokady ynsan saglygyny aýap saklamaga gönükdirilen giň
mümkinçilikler toplumyny öz içine alýar. Lukmançylyk nokady saglygy goraýşyň
halkara gazananlaryna eýermek esasynda döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen
enjamlaşdyrylypdyr. Bu ýerde ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin
anyklaýyş, maslahat beriş otaglary bolup, olar çagyryş boýunça harby
gullukçylaryň saglygyny gorap saklamaga we berkitmäge gönükdirilen
mümkinçilikleriň ençemesini özünde jemleýär.
Şeýlelikde,
ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji şanly
seneleriniň biri – Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga
berlen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we
desgalar toplumy harby gullukçylar üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, Milli
goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň, harby
gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň
nobatdaky anyk mysalyna öwrüldi.