25.01.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde 2020-nji ýylyň birinji  okuw möwsümi başlandy
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde 2020-nji ýylyň birinji okuw möwsümi başlandy
13.01.2020 193 Harby Bilim

Ýanwar aýynyň başynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby bölümlerinde 2020-nji ýylyň birinji okuw möwsümine badalga berildi. Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygy boýunça ýekelikdäki taýýarlyklary başlandy. Onuň çäklerinde esgerler harby hasap hünärlerini ele alarlar we bölünmeleriň düzüminde sazlaşyklary geçerler.

– Umumygoşun taýýarlygy biz üçin tamamlandy, indi biz has çylşyrymly we gyzykly sapaklary geçip başladyk. Iň wajyp zat – biz tejribe sapaklaryna işjeň gatnaşýarys. Esger ýoldaşlaryň bilen egin-egine berip, birmeňzeş, doly takyk hereketleri ýerine ýetireniňde, bu sazlaşyk aklyňy haýran galdyrýar – diýip, 2019-njy ýylyň güýzki möwsüminde harby gulluga gelen çagyryş boýunça harby gullukçy Arslan Gulgeldiýew aýdýar.

Täze okuw möwsüminiň dowamynda harby gullukçylaryň söweşjeň endiklerini has-da kämilleşdirmäge aýratyn üns beriler. Çylşyrymly harby tehnikalary dolandyrjak esgerler okatmagyň häzirki zaman tehniki serişdelerinde käbir endikleri has çalt özleşdirmek üçin türgenleşik geçerler. Terbiýeçi serkerdeler şahsy düzümiň gumanitar taýýarlygynyň ýokary derejesini üpjün eder.

«Milli goşun».