Halkara gaz kongresine gatnaşyjylar!
Mähriban adamlar!
Ilki bilen siziň ähliňizi Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz
işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk
we abadançylyk, kongresiň işine bolsa üstünlik arzuw edýärin. Garaşsyz
ýurdumyzda asylly däpleriň birine öwrülen, indi ençeme ýyllardan bäri
guramaçylykly geçirilýän Halkara gaz kongresiniň netijeli hyzmatdaşlygy ýola
goýmakda hem-de pugtalandyrmakda, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde giň
mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn.
Dünýäde uglewodorod serişdelerine
baý döwletleriň biri bolan Garaşsyz Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny
türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde, sebit we dünýä halklarynyň bähbidine
gönükdirmäge çalyşýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçirilýän gaz kongresi ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kärhanalary bilen
daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam
edýär. Bu çäräniň ýurdumyzyň hünärmenleri üçin öz mümkinçiliklerini görkezmekde
hem-de hyzmatdaşlary tapmakda ähli şertleri döretjekdigine ynanýaryn.
Gadyrly watandaşlar!
Hanymlar we jenaplar!
Türkmenistany senagat taýdan
ösdürmegiň depginini ýokarlandyrmakda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürmekde, nebitgaz ýataklaryny bilelikde özleşdirmäge maýa
goýumlaryny çekmekde, dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň
öndürilişini artdyrmak boýunça ileri tutulýan maksatnamalary durmuşa geçirmekde
gaz kongresiniň ähmiýetiniň örän uludygyny bellemek isleýärin.
Türkmenistanyň X Halkara gaz
kongresine gatnaşýan hünärmenler möhüm meseleler bilen birlikde, gaz
geçirijileriň eksport mümkinçiliklerini, gazy gaýtadan işlemek we gazhimiýa
ulgamyna maýa goýumlaryny çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ösdürmek, nebit we
gaz senagatynyň täze önümçiliklerini gurmak barada pikir alşarlar, teklipleri
öwrenerler. Häzirki döwürde Türkmenistanyň nebit we gazhimiýa pudaklarynyň
önümçiliklerine ylmyň soňky gazananlaryny, iň täze tehnologiýalary we enjamlary
ornaşdyrmak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek esasy talap bolup
durýar.
Biziň ýurdumyz häzirki wagtda «mawy
ýangyjy» Hytaý hem-de Russiýa döwletlerine eksport edýär. Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli
depginlerde alnyp barylýar. Iri taslama bolan bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň
amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna
oňaýly täsirini ýetirer.
Türkmenistan tebigy gazy eksport
etmegiň uly mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen çäklenmeýär. Ýurdumyzda
gaýtadan işleýän senagaty ösdürmäge hem uly üns berilýär. Soňky ýyllarda bu
ugurda gurulýan önümçilikler aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Geçen, 2018-nji
ýylda ulanmaga berlen Gyýanly polimer zawody, häzirki wagtda gurluşygy,
goýberiş-sazlaýyş işleri soňky tapgyrda dowam edýän Owadandepedäki tebigy
gazdan benzin öndürýän gazhimiýa toplumy diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin
dünýäde hem iň iri önümçilik desgalary bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň
geljegi has uludyr.
Gadyrly dostlar!
Hanymlar we jenaplar!
«Galkynyş» gaz känini tapgyrlaýyn
esasda özleşdirmek işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygyny, bu işlere maýa
goýumlaryny çekmekde ýurdumyzda amatly şertleriň ýokary derejede
döredilýändigini aýratyn nygtamak isleýärin.
Türkmen topragy tebigy baýlyklaryň
gorlarynyň baý mekanydyr. Soňky ýyllarda tebigy gazy gözläp tapmak, çykarmak we
gaýtadan işlemek bilen bagly meseleler häzirki döwrüň talabydyr. Ykdysady
meseleleriň oňyn çözülmegini ýangyç-energetika toplumyndan üzňe göz öňüne
getirmek mümkin däl. Türkmenistan nebitgaz senagatynda daşary ýurt döwletleri
bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak arkaly bu wezipeleriň çözülmegine işjeň
gatnaşýar we geljekde hem gatnaşar.
Hormatly kongrese gatnaşyjylar!
Sizi
Türkmenistanyň X Halkara gaz kongresiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Tejribe alyşmakda, gaz pudagynda halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we onuň gerimini giňeltmekde kongresiň netijeli
boljakdygyna ynanýaryn.
Men siziň
ähliňize berk jan saglyk, asuda we abadan durmuş, alyp barýan işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.