1-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler
ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary
syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we
ynsanperwer ugurlaryndaky türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Ukrainanyň
Daşary işler ministrleri iki döwletiň başlangyçlarynyň abraýly halkara
guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň we beýleki guramalaryň çäklerinde özara
goldanylmagynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdiler.
Bu ugurda taraplar daşary işler ministrlikleriniň
arasyndaky geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň, şonuň ýaly-da iki ýurduň döwlet
hem-de hususy pudaklarynyň wekilleriniň ilkinji tapgyrda sanly wideoaragatnaşyk
arkaly yzygiderli duşuşyklarynyň dikeldilmeginiň zerurlygyny aýratyn
nygtadylar.
Ministrler şeýle-de koronawirus ýokanç
keseliniň ýaýramagyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de epidemiýa
wehimlerine garşy ählumumy tagallalaryň netijeli gurallarynyň
işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy dogrusynda pikir alyşdylar.