17-nji sentýabrda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Feýsal Bin Farhan Al-Saud sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirdiler.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys ugurlaryny, şonuň ýaly-da halkara we sebit ähmiýetli wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň çäklerinde taraplar söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, nebit-gaz, gazhimiýasy pudaklarynda, şeýle hem oba hojalygy, dokma we gurluşyk senagatlarynda gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň zerurlygyna ünsi çekdiler.
Türkmenistanyň senagat düzümlerini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlarynyň çekilmegi söhbetdeşligiň aýratyyn temasy boldy. Bu ugurda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň wekilleriniň pudagara duşuşyklarynyň dikeldilmeginiň möhümligi nygtaldy.