27-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti
Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwlet
Baştutanymyz owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň
Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üç taraplaýyn duşuşygy
geçirmek baradaky teklibini gollady. Onuň gün tertibine Lapis Lazuli ulag
geçelgesiniň netijeliligini artdyrmak meseleleri giriziler.
Iki döwletiň Baştutanlary dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşylan, bir bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. Şol meseleleriň biri COVID-19 koronawirus
pandemiýasy bolup, onuň tutuş adamzatda uly ynjalyksyzlanma döredip, halkara
ykdysady gatnaşyklaryna, ençeme döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz
täsirini ýetirdi.
Iki
döwletiň serhedinde utgaşykly sanitariýa-karantin çärelerini geçirmegiň
zerurdygy barada aýtmak bilen, milli Liderimiz Türkmenistanyň ynsanperwer
kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş
nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde — demir ýol
ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite
terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen
üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.