28-nji
maýda Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat
görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan
Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda geçirilen
telefon arkaly söhbetdeşlikden gelip çykýan daşary syýasat edaralarynyň
hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebit
hem-de halkara gün tertibi boýunça pikirleri alyşmak bilen, iki ýurduň DIM-niň
ýolbaşçylary häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegi, aýratyn
hem koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy babatynda utgaşdyrylan
çözgütleriň işlenilip düzülmeginiň zerurdygyny aýratyn bellediler. Diplomatlar
şeýle-de üznüksiz ýük gatnawlarynyň üpjün edilmegi üçin iki döwletiň
serhetlerinde utgaşdyrylan sanitar-karantin çäreleriniň zerurlygyny aýratyn
nygtadylar.
Türkmen
tarapy telefon arkaly gepleşikleriň barşynda beýan edilen Türkmenistanyň
ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde,
gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki
ýerlerde – demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda
gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan
enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.