2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň daşary
işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler
ministri Seýed Abbas Arakçi bilen telefon arkaly söhbetdşeligi boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar, şeýle hem özara gyzyklanma
döredýän halkara meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, taraplar sebitleýin howpsuzlyk
meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunda öňüni alyş diplomatiýasynyň
mazmunyndan ybarat bolan hem-de çylşyrymly ýagdaýlaryň, şol sanda dawalaryň hem
öňüni almaga gönükdirilen syýasy-diplomatik usullary we serişdeleri ulanmagyň
ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Şeýle hem taraplar Hazar meselesiniň käbir
ugurlaryna degip geçdiler, hususan-da, Hazaryň parahatçylygyň, ylalaşygyň we
hoşniýetli goňşuçylygyň giňişligi bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi. Şol
bir watgda, Hazar deňzinde ekologiýa meselelerini çözmek boýunça köp taraplaýyn
gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary syýasat
edaralarynyň ýolbaşçylary iki döwletiň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary
mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyny bellediler we şunuň bilen baglylykda,
Daşary işler ministrlikleriniň ugry boýunça yzygiderli gatnaşyklary alyp
barmagy ylalaşdylar.
Telefon arkaly söhbetdeşlik eýran tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.