30-njy iýunda Türkmenistanyň Maliýe we
ykdysadyýet ministri E.Annamuhammedowyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly Ilçisi Hýu Stenli Filpott bilen duşuşygy geçirildi.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň
dowamynda taraplar iki ýurduň özarabähbitli ikitaraplaýyn söwda-ykdysady
gatnaşyklary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ileri
tutulýan ugurlar, şol sanda maliýeleşdirmek we maýa goýum boýunça hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň mümkinçilikleri barada bellenilip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti
bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň
Hökümetiniň arasynda Durnukly ykdysady ösüşi ýokarlandyrmak barada özara
düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.