milli goshun logo
Türkmenistanyň we Belarusyň Döwlet habarlar agentlikleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
Türkmenistanyň we Belarusyň Döwlet habarlar agentlikleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýärler
15.05.2020 1004 Habarlar

14-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) we Belarus Respublikasynyň Belarus telegraf agentligi BelTA — iri döwlet habarlar agentliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda maglumatlary alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda gol çekilen ikitaraplaýyn Ähtnamanyň çäklerinde gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de ösdürmekde, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy we maglumat gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň geljekki ugurlary, işjeň täze görnüşleri hem-de žurnalistika babatda bilelikdäki taslamalaryň mümkinçilikleri kesgitlendi.

TDH-nyň we BelTA-nyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň meselelerini işläp taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň türkmen-belarus gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde oňyn teklipler öňe sürüldi. Munuň özi öňi bilen maglumatlaryň resmi çeşmesi hasaplanylýan öňdebaryjy habarlar agentliklerine we žurnalistlere degişlidir.

Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň mediaforumlar, maslahatlar, «tegelek stol» ýaly ugurlarynyň, şol sanda abraýly media bileleşiklerini çekmek arkaly uzak aralykdan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmakda tejribe alyşmak meseleleriniň wajypdygy nygtaldy.