milli goshun logo
Türkmenistanyň ulag geçelgeleri — giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň ýoly
Türkmenistanyň ulag geçelgeleri — giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygyň ýoly
15.12.2018 946 Habarlar

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy dekabrda geçiren wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we deňhukuklylyk ýörelgelerinde guralýar diýip belledi. Milli Liderimiz halklarymyzy gadymdan gözbaş alýan doganlyk hem-de birek-biregi hormatlamak däpleriniň, umumy ruhy we taryhy gymmatlyklaryň birleşdirýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp, iki ýurduň arasynda söwda we ykdysady, energetika, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny, şonuň bilen birlikde, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.

 “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen 2018-nji ýylyň fewralynda “Lazurit” ulag-üstaşyr geçelgesine girýän Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi. Türkmen-owgan ýolunyň gurluşygyny doly öz üstüne alan ýurdumyz doganlyk halka hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

2017-nji ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň 7-nji maslahatynda (RECCA VII) hem ähli ugurlarda Owganystan Yslam Respublikasynyň ösmegine ýardam edýän, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň möçberli düzümleýin taslamalaryň, goňşy döwleti sebit hyzmatdaşlygyna çekmegiň möhüm ähmiýeti bellenildi.

Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara ulag geçelgesiniň (“Lapis Lazuli”) döretmek hakyndaky bäştaraplaýyn Ylalaşyga gol çekilmegi forumyň möhüm netijesi boldy. Bu geçelge özüne Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Garadeňiz, Ortaýer deňzi sebitlerini birleşdirýän giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Biziň ýurdumyz bu ugurda ykjam işlemäge taýýardygyny tassyklamak bilen, häzirki wagtda bar bolan syýasy mümkinçilikleri hem-de halkara guramalaryň kuwwatyny ulanyp, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebit merkezi hem-de BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça Missiýasy (UNAMA) bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň öňde goýlan maksatlara ýetmek baradaky tagallalaryny yzygiderli goldaýar we olara gönüden-göni gatnaşýar.

Owganystanyň harytlarynyň Türkmenistanyň üsti bilen beýleki ýurtlara ugradylmagy goňşy ýurt üçin ýokary derejedäki amatly ýagdaýy üpjün edýär. Munuň özi sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bir hatarda durnuklylygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyny şertlendirýär.

Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag geçelgelerini ösdürmek baradaky oňyn syýasatynyň öňdengörüjilikli we netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu geçelgeler giň geoykdysady giňişlikde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň netijeli ýollary bolup durýar.