27-nji maýda Daşary işler ministrliginde
Fransiýanyň «Total» kompaniýasynyň uly wise-prezidenti Stefan Mişel bilen
wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere «Türkmennebit» we
«Türkmengaz» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň
we ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Geologiýa-barlag işlerini, seýsmiki barlaglary
geçirmek, känleri, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki hem-de
kenarýaka zolaklardaky känleri senagat taýdan özleşdirmek, uglewodorodlaryň
gazylyp alnyşyny işjeňleşdirmek, gaz we nebithimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny
artdyrmak, gazulag düzümlerini ösdürmek ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek
üçin uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.
Şunda pudaga täze tehnologiýalaryň we sanly
ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň ileri tutulýan
derejede uly ähmiýet berýän hünärli işgärleri taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyga
aýratyn üns çekildi.