milli goshun logo
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dörediler
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty dörediler
13.06.2019 2900 Habarlar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen bu institutyň gurluşy tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:

— institut bilen bilelikde Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň Tertipnamasynyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

telekommunikasiýalar we informatika institutynyň hünär ugurlary boýunça okuw meýilnamalaryny halkara ölçeglere laýyklykda bir aý möhletde taýýarlamak hem–de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamaga bermek;

— Telekommunikasiýalar we informatika institutynda okuwlary tölegli esasda guramak;

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde talyplaryň okamak üçin tölegleriniň möçberini kesgitlemek;

Adalat ministrligi bilen bilelikde, şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.