Russiýa
Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk
önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň 18-20-nji fewraly
aralygynda Sankt-Peterburg şäherinde boldy.
Saparyň
çäklerinde Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşyk
geçirildi. Taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy, şol sanda
gurluşyk we senagat ulgamyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi boýunça
pikirleri alyşdylar. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň Russiýanyň iri
senagat, ylym-bilim we medeni merkezleri bilen gatnaşyklaryny işjeň
ösdürýändigi bellenilip geçildi. Hyzmatdaşlygyň giň ugry boýunça yzygiderli we
netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýän sebitleriň biri hem Sankt-Peterburg şäheri
bolup durýandyr.
Serdar Berdimuhamedowyň
ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Sankt-Peterburgyň birnäçe senagat we
gurluşyk kompaniýalarynyň işi bilen tanyş boldy.
Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Sankt-Peterburga saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.