milli goshun logo
«Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
«Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
15.10.2019 482 Habarlar

Hormatly sergä we

ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Senagat işgärleriniň güni mynasybetli abadançylygyň, agzybirligiň, parahat ýaşaýşyň we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mekany bolan ata Watanymyzyň paýtagty Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, giň gerimli ykdysady özgertmeleri geçirmek ugrundaky bähbitli işlere senagat we kommunikasiýa toplumynyň agzybir işgärleri öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Netijede, toplumyň agentliklerinde, dokma hem-de himiýa senagaty pudagynda, şeýle-de beýleki pudaklarda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň we önüm öndürmegiň meýilnamalary hemişe artygy bilen ýerine ýetirilýär.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda senagat we kommunikasiýa ulgamynda guwandyryjy işler amala aşyrylýar. Maksatnamanyň çäginde ykdysadyýetimizi doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Senagat kärhanalarynda innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de iň gowy daşary ýurt tejribesini giňden ornaşdyrmaga-da aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly halkara sergä we

ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Köp pudakly ösen senagatda, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmakda ylmy esasda guralan önümçilik ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşini üpjün etmek boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň esasy şerti bolup durýar.

Häzirki wagtda hünärmenleriň ylmy we amaly işleriniň netijesinde Türkmenabatdaky himiýa zawodynda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, halk hojalyk toplumynyň dürli pudagynda ulanylýan täze önümleriň birnäçesi özleşdirildi. Bu kärhanada ýaş hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işi bilen önümçilik utgaşykly alnyp barylýar.

Guwandyryjy we bähbitli işler dokma, himiýa senagatynda hem-de «Türkmensenagat» agentliginiň kärhanalarynda hem ýola goýulýar. Mysal üçin, ýerli çig mal serişdeleriniň hasabyna çykarylýan önümleriň möçberini we görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça çäreler amala aşyrylýar.

Şonuň bilen birlikde, senagat pudagynyň düzümlerinde gaýtadan işleýän innowasion toplumlary döretmek, ýerli çig mal esasynda gurluşyk pudagy üçin zerur bolan serişdeleriň öndürilýän möçberlerini köpeltmek, bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça strategik wezipeler durmuşa geçirilýär.

Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, «Türkmensenagat» agentliginiň we kommunikasiýa ulgamynyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmäge gönükdirilen işler yzygiderli alnyp barylýar. Toplumyň kärhanalarynda öňdebaryjy tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, ozal işläp duranlary döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde bu ulgamlarda önümçilik tabşyryklary yzygiderli ýerine ýetirilýär.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde senagat kärhanalarynyň önümçiligini netijeli ýokarlandyrmaga, dünýä ykdysady giňişligine goşulmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge gönükdirilen wezipeler boýunça-da kanagatlanarly işler durmuşa geçirilýär.

Milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzda täze we netijeli tehnologiýalary, öňdebaryjy ýurtlaryň oňyn tejribelerini giňden ornaşdyrmaga şert döredýär. Hormatly senagat işgärleri!

Okgunly öňe barýan ýurdumyzyň we sebitleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi, ähli hojalyk ulgamynyň bökdençsiz işlemegi, adamlar üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmegi köp babatda awtoulag, howa, deňiz-derýa ulaglarynyň işiniň maksadalaýyk guralmagyna hem baglydyr. Şonuň üçin bu ugurlarda hem netijeli işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda halkara talaplara laýyk gelýän täze demir we awtomobil ýollary guruldy. Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döredildi, kuwwatly teplowozlar, ýük we ýolagçy wagonlary satyn alyndy. Ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda gysga möhletde iri halkara taslamalar durmuşa geçirildi. Döwrebap awtomobil we demir ýol menzilleri, depolar, beketler hem-de beýleki möhüm inženerçilik-tehniki desgalar guruldy. Bu çäreler sebit we halkara derejelerde ykdysady ösüşi gazanmaga ýardam eder.

Halkara sergä we

ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi «Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň köpugurly senagat we kommunikasiýa toplumynda belent sepgitlere ýetmegi arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.