3-nji
maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik boldy.
Döwlet
Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli
birek-biregi gutlap hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan edip, hoşniýetliligi,
sahawatlylygy we belent ruhy-ahlak gymmatlyklary alamatlandyrýan bu nurana
baýramyň iki ýurduň hem-de halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň
ösdürilmegine, külli musulman ymmatynda dostlugyň, özara goldaw bermegiň we
raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine tüýs
ýürekden ynam bildirdiler.
Telefon
söhbetdeşliginiň dowamynda taraplar döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini
kanagatlanma bilen belläp, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, uzak
möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan
köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.