10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy boldy.
Dostlukly döwletleriň Baştutanlary meseleleriň giň topary, şol sanda uzakmöhletleýin ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar .
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew bilelikdäki giň gerimli düzümleýin taslamalary, ozaly bilen, täze üstaşyr geçelgäniň taslamasyny amala aşyrmagyň möhümdigini bellediler. Bu Eýranyň, Omanyň hem-de Hindistanyň deňiz portlaryna gysga ýol bilen çykmaga mümkinçilik döredip, söwda, üstaşyr gatnawlary we maýa goýumlaryny has-da artdyrmak üçin şert döreder.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçirilýän duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge goşmaça itergi berip, sebitde ynanyşmagy hem-de özara düşünişmegi pugtalandyrmak işine uly goşant boljakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşyga Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow gatnaşdy.