27-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolmagynyň çäklerinde doganlyk
ýurt bolan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen
telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Telefon arkaly gürrüňdeşligiň barşynda hormatly
Prezidentimiz goňşy döwletiň Baştutanyna şu gün iş sapary bilen Daşoguz
welaýatyna gelip, bu ýerde ýaşaýan özbek doganlarymyzyň wekilleri bilen
duşuşandygyny, olaryň many-mazmuna baý bolan gürrüňdeşlikleriň dowamynda öz
ýaşaýyş-durmuş şertleri barada gürrüň berendiklerini habar berdi.
Milli Liderimiz bu ýerde ýaşaýan özbek
doganlarymyzyň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşyna işjeň
gatnaşýandyklaryny kanagatlanma bilen belläp, olaryň Prezident Şawkat
Mirziýoýewe berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler
baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Özbegistanyň Baştutany döwletara gatnaşyklaryny
pugtalandyrmak we giňeltmek meselelerine hemişe üns berýändigi üçin hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan edip, iki
halkyň taryhynyň hem-de ruhy-medeni kökleriniň umumylygyny, gadymdan gelýän
dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň mizemezdigini aýratyn belledi,
bu gatnaşyklar taraplaryň hoşniýetli erk-islegi netijesinde täze many-mazmuna
eýe boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary Türkmenistanyň we
Özbegistan Respublikasynyň netijelilik we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde
guralýan doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydyklaryny tassyklap, ýokary derejede
özara ynama esaslanýan gatnaşyklaryň geljekde hem ähli ugurlar boýunça netijeli
hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.
Türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarynda ileri tutulýan meseleleriň birnäçesiniň ara alnyp maslahatlaşylan telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege we iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.