30-njy
oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon
arkaly gepleşik geçirildi.
Iki ýurduň
Baştutanlary mähirli salamlaşyp, dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarly bolan Türkmenistanyň we Özbegistanyň köpugurly
gatnaşyklarynyň häzirki derejesine kanagatlanma bildirdiler.
Telefon söhbetdeşliginiň barşynda döwlet Baştutanlary sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.