27-nji
oktýabrda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň we Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda
gepleşikler geçirildi.
Dostlukly
ýurduň hökümetiniň ýolbaşçysynyň Türkmenistana nobatdaky sapary deňhukukly
özara bähbitli gatnaşyklara, taraplaryň erk-islegine we ähli ugurlar boýunça
netijeli hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek meýline esaslanýan döwletara
gatnaşyklaryň taryhynda möhüm tapgyr bolar.
Malaýziýanyň
Hökümetiniň ýolbaşçysyny Aşgabadyň merkezinde ýerleşen Garaşsyzlyk meýdanynda resmi
taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Söhbetdeşler
özara düşünişmek we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda
türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary babatda hem-de
döwrüň anyk ýagdaýlaryny göz öňünde tutup, gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we
geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar şeýle
hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri
boýunça pikir alyşdylar.
Soňra
gepleşikler hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin
düzümde dowam etdi.
Gepleşikler
tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalary: Türkmenistanyň we Malaýziýanyň
arasynda Bilelikdäki beýannamany; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen
Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2020 — 2021-nji ýyllarda
hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasyny kabul etmek dabarasy geçirildi.
Soňra döwlet
Baştutanymyz hem-de Malaýziýanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy metbugata ýüzlenme
bilen çykyş etdiler.