22-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary
Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Milli
Liderimiz we iri halkara guramasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň we BMG-niň
arasynda strategiki häsiýetli däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlaryny, şeýle hem halkara gün tertibiniň has möhüm meselelerini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşligiň
dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki
mümkinçilikleri we şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ugry boýunça
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy, bu düzümler bilen
bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde uly tejribe
toplanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bütin dünýäni tolgundyrýan koronawirus
pandemiýasy bilen baglanyşykly meselä degilip geçildi.
Jenap Antoniu
Guterriş BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlyk
meselelerinde berýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin milli Liderimize hoşallyk
bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň aýratyn ygtybarly we
jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde özüni görkezendigini aýtdy.
Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş birek-birege saglyk we üstünlikler arzuw edip, uzakmöhletleýin esasda guralýan hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.