Hormatly sergä we mejlise
gatnaşyjylar!
Çeper elli mähriban halyçylar!
Sizi milli
buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň haly, dokma
we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen
halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen
tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Nepisligi
we öwüşginli lowurdysy bilen dünýäni haýran edýän ajaýyp türkmen halysy merdana
halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna
öwrülen gözellik nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, milli
aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar
törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen
ajaýyp sungat ýadygärligidir.
Birleşen
Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl
medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň Kolumbiýa
Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda
geçirilen 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň
Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek
barada çözgüt kabul edildi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz
barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi
tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň
subutnamasydyr.
Gözelligi,
nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni
haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli
aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň
ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr,
halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny,
dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara
beslenmeginiň alamatydyr.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny
ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli
kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gorap saklamak boýunça
netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly sergä we mejlise
gatnaşyjylar!
Haly, dokma we söwda pudagynyň
gadyrly işgärleri!
Türkmen
halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň haly, dokma we söwda
pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň giň gerim bilen
geçirilmeginiň öz aýratyn many-mazmuny bardyr.
Çünki her
biri sungat eserine deňelýän nepis halylarymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda, meşhurlygyny
artdyrmakda türkmen topragynda öçmejek yz galdyran gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň,
gündogardan-günbatara kerwen ýüklerini gatnadan täjirleriň bitiren hyzmatlary
uludyr. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýoly
täzeden dikeldilip, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan köpugurly
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde öz beýanyny tapýar.
Milli
ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýän esasy pudaklarynyň birine
öwrülen, dünýäniň iň kämil tilsimatlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň dokma
senagatynyň kärhanalary hem şu günki sergide öz gazanan üstünliklerini,
öňdebaryjy tejribelerini giňden görkezerler. Dünýä bazarlarynda we içerki
bazarymyzda alyjylaryň uly isleglerine mynasyp bolan dokma önümlerini, şeýle
hem şu ýylyň ýaz-tomus möwsüminde alyjylara hödürlenjek täze önümlerini
mahabatlandyrarlar.
Içerki
sarp edijileriň bu ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we bäsleşige ukyply
önümlerimize bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, Türkmenistanda öndürilýän
önümleri dünýä bazarlarynda giňden tanatmak, eksport mümkinçiliklerimizi
artdyrmak ugrunda ýurdumyzda uly möçberli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar
we bu işler geljekde hem dowam etdiriler.
Asylly
däbe öwrülen we şu ýyl ýigriminji gezek geçirilýän Türkmen halyşynaslarynyň
bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň hem ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan
üstünlikleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini
ähli aýdyňlygy bilen görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän
meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge
ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!
Sizi
toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen
halysynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň
ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä
jemgyýetiniň XX mejlisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn!
Size berk
jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, işde we
durmuşda üstünlik arzuw edýärin!
Goý, çeper
elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp
dursun!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW.