milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary
24.06.2019 455 Habarlar

23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyryp, ol ýerde bu sebitiň Baştutany Rustam Minnihanow bilen gepleşlikleri geçirdi hem-de «Sabantuý» milli baýramçylyk mynasybetli dabaralara gatnaşdy.

Ir säher bilen Türkmenistanyň we Tatarystanyň Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Kazan şäheriniň Halkara howa menzilinden Tatarystan Respublikasynyň esasy kärhanalarynyň senagat önümleriniň sergisine tarap ugrady. Uly meýdanda Tatarystanyň uly senagat kuwwatyny şöhlelendirýän dürli pudaklaryň köp görnüşli önümlerini synladylar.

Ol ýerden Türkmenistanyň we Tatarystanyň Prezidentleriniň awtoulag kerweni Kazan Kremline tarap ugrady. Şol ýerde Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň kabulhanasy ýerleşýär.

Bu ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow ikiçäk görnüşde duşuşyk geçirdiler.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara işlerinde uly üstünlikler, Garaşsyz Watanymyzyň halkyna bolsa uly rowaçlyklar arzuw etdi we bu ýerden ugrady.