Halyçylyk
sungaty türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna goşan
deňsiz-taýsyz beýik goşandydyr. Türkmen halylarynyň döwürleriň, eýýamlaryň
taryhyny beýan edýän her bir çitimine zenanlarymyzyň ata Watanyna, mähriban
halkyna, öý-ojagyna çäksiz söýgüsi, bimöçber yhlasy siňdirilendir. Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzy abadan we bagtyýar durmuşda
ýaşatmak, ruhy gymmatlyklarymyzy aýap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmek
ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli işler dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz
bölegi bolup durýan gadymy milli halyçylyk sungatymyzy ösdürmekde hem öz
beýanyny tapýar. Halyçylyk pudagynyň gazanýan ajaýyp üstünliklerinde
zähmetsöýer halyçy gelin-gyzlarymyzyň goşandy uludyr.
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Watanymyzyň milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde, halkymyzyň
buýsanjyna öwrülen türkmen halylarynyň taýsyz gözelligini we nepisligini dünýä
ýaýmakda, hala çeper nagyşlar salmakda bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp
ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmetini, hünär ussatlygyny
nazara alyp, şeýle hem Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň
şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmaly:
«Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň ussahana halyçysy
Täjigül Niýazowa,
«Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň Bäherden çeper halyçylyk kärhanasynyň haly ussahanasynyň
halyçysy Oraznabat Baýmuhammedowna Begenjowa,
«Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň Serdar çeper halyçylyk kärhanasynyň önümhana halyçysy
Gültäç Amanmyradowna Döwletmyradowa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Esenguly
çeper halyçylyk kärhanasynyň Ajyýap bölüminiň halyçysy Amanbibi Muhadowna
Mirmämedowa,
«Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Daşoguz haly
önümhanasynyň halyçysy Dilfuza Nyzamytdinowna Atajanowa,
«Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Köneürgenç haly
önümhanasynyň halyçysy Dilberjan Hojakowna Matmuratowa,
«Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji önümhanasynyň
halyçysy Zylyha Öwlýagulyýewna Begliýewa, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň
Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji derejeli halyçysy Gözel Haýydowa,
«Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň 2-nji derejeli halyçysy
Gülendam Hanymowna Taňňyýewa,
«Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Güneşlik önümhanasynyň
gözegçi ussasy Ogulmyrat Toraýewna Berdiýewa,
«Türkmenhaly»
döwlet birleşiginiň Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly haly
önümhanasynyň müdiri Orazsoltan Baýramowa.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW