Ýurdumyzyň senagat we kommunikasiýa pudaklaryny
mundan beýläk-de ösdürmekde, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň
möçberini artdyrmakda hem-de hilini ýokarlandyrmakda toplumyň işgärleriniň halal
we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:
1. Senagat işgärleriniň gününi döretmeli we bu
baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde belläp geçmeli.
2. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa
ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa»
döwlet konserni Senagat işgärleriniň gününiň ýokary derejede hem-de
guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.
3. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa
ministrligi, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de «Türkmenhimiýa»
döwlet konserni Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan
gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek
baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetine bermeli.
4. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1) «Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň
gününi döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 17-nji
martynda çykaran 74-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we
Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň
127-nji maddasy);
2) «Himiýa senagatynyň işgärleriniň gününi
döretmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji aprelinde
çykaran 82-nji Permanyny (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we
Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2017-nji ýyldaky 4 — 5-nji
ýygyndysynyň 165-nji maddasy).
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy marty.