Ýurdumyzyň
ilatynyň Halkara zenanlar gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy
üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet
kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2020-nji
ýylyň 8-nji martyndaky dynç gününi 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmeli.
2. Şu Permanyň
ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar,
kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW