Türkmen
halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak,
ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek,
sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur
alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň
agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda,
karar edýärin:
1. Türkmen
halkynyň Milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2019-njy ýylyň 11-12-13-nji
awgustynda bellemeli we şol günleri iş güni däl diýip yglan etmeli.
2. 2019-njy
ýylyň 11-nji awgustyndaky dynç gününi 14-nji awgusta — çarşenbe gününe
geçirmeli.
3. Şu Permanyň
ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar,
kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 9-njy awgusty.