15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman
hökmünde gatnaşmak maksady bilen Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew
bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler duşuşygyň çäklerinde ikitaraplaýyn we
sebitleýin görnüşde üstünlikli ösdürilýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ileri
tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Türkmenistanyň Özbegistan
Respublikasy bilen gatnaşyklara ýokary baha berýändigi hem-de iň ýakyn goňşusy,
ygtybarly hyzmatdaşy bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly
ähmiýet berýändigi nygtaldy.