Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsadyna çykdy hem-de
Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar, hemişe bolşy ýaly, milli
Liderimiz işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär.
Geçen
hepdede ýarym ýylyň jemlerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin
mejlisinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýolbaşçylar
düzümine 7-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda nobatdaky zähmet rugsadynyň
berilýändigini yglan etdi, Hökümet agzalary zähmet rugsadyny ýurdumyzyň saglyk
we dynç alyş merkezlerinde geçirip bilerler.