«Türkmenistanyň
ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny,
Bitaraplygyny berkitmekde, daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmekde, syýasy,
ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki gatnaşyklaryny ösdürmekde, döwlet
bähbitlerini goramakda gazanan uly üstünliklerini, diplomatik gullugy ulgamynda
köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle
hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli, karar edýärin:
Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň şu
işgärlerini «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen
sylaglamaly:
Türkmenistanyň Belarus
Respublikasyndaky (Minsk şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly
Şagulyýewi,
Türkmenistanyň Pakistan Yslam
Respublikasyndaky (Yslamabat şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan
Nurlyýewiç Möwlamowy,
Türkmenistanyň Owganystandaky
(Mazari-Şarif şäheri) baş konsuly Bazarbaý Arazmetowiç Kabaýewi.
Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 17-nji fewraly.