milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary başlandy
1 gün öň 38 Habarlar

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine hem-de Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Döwlet Baştutanymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar.

...Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Týanszin şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Döwlet Baştutanymyzy Hytaý Halk Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Howa menzilinden hormatly Prezidentimiz sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhana ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Meýszýan» sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde hormatly Prezidentimizi HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler. Sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, bu ýerde belent mertebeli myhmanlaryň hormatyna HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we onuň maşgalasy Pen Liýuanyň adyndan agşamlyk nahary berildi.

Hormatly Prezidentimiziň HHR-e iş sapary dowam edýär.