28-nji aprelda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, «KamAZ» paýdarlar jemgyýetiniň
ýolbaşçysy Sergeý Kogogin, «Tatneft» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nail
Maganow, «UK» KER-Holding» jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň ýolbaşçysy Hamis
Mahýanow bilen duşuşdy.
Tatarystan
Respublikasynyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylarynyň dostlukly
türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de ösüşiň we rowaçlygyň ýolunda
täze üstünlikler baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny ýetirdi.
Belent
mertebeli myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine uly ünsüň
berilýändigi üçin hoşallyk bildirip, işewür gatnaşyklary giňeltmäge we munuň
üçin Tatarystan Respublikasynda döredilen aýratyn ykdysady zolaklary, senagat
we tehnoparklary, inžiniring hem-de ylmy-barlag merkezlerini, nano we
IT-tehnologiýalary ulgamynda gazanylanlary, kompozision serişdeleri we robot
tehnikalaryny, sebitara logistika merkezlerini döretmegiň mümkinçiliklerini
ulanmaga taýýarlygyny tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Rustam Minnihanow birek-birege mähirli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň hem-de RF-iň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň mizemezdigini tassykladylar, doganlyk türkmen we tatar halklaryna parahatçylyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk arzuw etdiler.