26-njy fewralda Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat
Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.
Söhbetdeşler energetika toplumyny, ulag ulgamyny,
hususan-da, üstaşyr-ulag düzümini, senagaty, oba hojalygyny we beýleki birnäçe
pudaklary, şeýle hem işewür gatnaşyklary, maýa goýum işjeňligini özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, umumy
abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän täze bilelikdäki taslamalary amala
aşyrmak üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä
gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alşyp, Türkmenistanyň hem-de
Özbegistan Respublikasynyň abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň
çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyga, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we
ösüşi üpjün etmegiň bähbidine tagallalary birleşdirmäge üýtgewsiz ygrarlydygyny
tassykladylar.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri
telefon arkaly gepleşigiň dowamynda 2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Daşkent
şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriji
duşuşygyna taýýarlyk görlüşini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen
baglylykda, suw diplomatiýasy meselelerine aýratyn üns berildi. Sebitiň suw
gorlaryny aýawly saklamagyň we netijeli peýdalanmak bu gün Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigi nygtaldy.
Iki ýurduň Baştutanlary Araly halas etmegiň Halkara
gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça hem pikir
alyşdylar. Şunda BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite
maksatnamasyny taýýarlamakda hem-de BMG-niň Aralýaka sebiti üçin adam
howpsuzlygy boýunça köp hyzmatdaşly trast gaznasyny döretmek hakynda başlangyjy
amala aşyrmakda gyzyklanma bildirýän taraplaryň tagallalaryny birleşdirmegiň
möhümdigi nygtaldy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly
Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew netijeli türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň
geljekde hem ähli ugurlar boýunça berkejekdigine we giňeljekdigine ynam
bildirip, birek-birege hem-de iki goňşy ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
Telefon arkaly gepleşik özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.