18-nji martda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly
söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanlary okgunly, sazlaşykly häsiýete eýe
bolan hem-de häzirki döwrüň wakalaryny, sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary
nazara almak bilen, ynanyşmak we birek-biregi hormatlamak nukdaýnazaryndan
guralýan strategik türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir
alyşdylar.
Dostlukly
ýurtlaryň Baştutanlary sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri
boýunça hem pikir alşyp, dünýäde dartgynlylygy we kesgitsizligi döredýän hem-de
halkara gatnaşyklaryň we söwdanyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýän koronawirus
ýokanç keseliniň (COVID-19) ýaýramagy bilen bagly meselä degip geçdiler.
Iki ýurduň
Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew koronawirusyň
täsirine garşy durmakda goňşy döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegini
goldap, bilelikdäki hereketleriň bu çylşyrymly wezipäni üstünlikli çözmäge
ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Telefon söhbetdeşligi özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.