milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi
25.07.2019 343 Habarlar

24-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.

Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy döwletiň Baştutanyny 62 ýaşynyň dolmagy bilen gutlady hem-de oňa berk jan saglygyny, özbek halkynyň bähbidine giň gerimli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Şawkat Mirziýoýewiň ýolbaşçylygynda durmuşyň ähli ugurlarynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny aýdyp, goňşy ýurduň içeri hem-de daşary syýasatyndaky gazanylanlaryň onuň ady bilen üznüksiz baglydygyny belledi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.