15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew gözegçilik edýän
düzümlerinde işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň
garamagyna «Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hakyndaky» kararyň taslamasyny
hödürledi.
Wise-premýeriň hasabat berşi ýaly, Söwda deňiz
gatnawynyň kodeksine laýyklykda hem-de deňiz flotunyň işini döwrebaplaşdyrmak
we ýükler daşalanda ulag hyzmatyny kämilleşdirmek maksady bilen degişli
Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, deňiz söwda floty ýapyk
görnüşli paýdarlar jemgyýeti Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hökmünde
bellenilýär.
Taýýarlanylan resminamada ýük daşamak ulgamynda
dolandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslary, nebit önümlerini we ýörite
ýükleri daşamagyň düzgünleri hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň kadalary
kesgitlenilýär.
Milli Liderimiz Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň üstünden geçýän ýükleriň möçberiniň artdyrylmagynyň, milli söwda flotunyň giňeldilmeginiň Türkmenistanyň dünýä söwdasynda paýynyň ýokarlanmagyna, daşarky haryt dolanyşygynyň düzümleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de ýurdumyzyň ählumumy ykdysadyýete işjeň goşulyşmagyna gönüden-göni täsirini ýetirjekdigini aýdyp, hödürlenen resminama gol çekdi we ony ýerine ýetirmek babatynda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.