Eziz halkym!
Hormatly uruş
weteranlary!
Sizi göwünlerde çäksiz buýsanç duýgularyny
döredýän şanly sene — 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan
Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Millionlarça ynsanlaryň ömri,
edermenligi we gaýduwsyzlygy bilen gazanylan bu mukaddes Ýeňiş parahatçylygy we
hoşniýetliligi, dostlugy hem-de raýdaşlygy giňden dabaralandyrýan baýramdyr.
Adamzat taryhyna iň pajygaly döwür hökmünde
giren 1941—1945-nji ýyllaryň jebir-jepaly synaglary, görlüp-eşidilmedik
betbagtçylyklary, agyr ýitgileri ýüreklere öçmejek ýaralary saldy. 1418 güne
çeken bu gowgaly döwürde millionlarça adamlar faşizmiň rehimsiz syýasatynyň
pidasy boldy. Maşgalalar ata-eneden, ogul-gyzdan, dogandyr uýadan mahrum boldy.
Dünýä ykdysadyýetine, adamzadyň medeni, ylym we bilim ösüşine öwezini dolup
bolmajak zyýan ýetirildi. Beýik Ýeňşe bolan arzuw-umytlar doganlyk halklar
bilen birlikde Türkmenistanyň halkyny hem zulum-sütemiň garşysyna
gahrymançylykly göreşe jebisleşdirdi.
Şondan bäri onýyllyklaryň geçendigine
garamazdan, bu gün ýalynly ýyllaryň hasratlary biziň halkymyzyň kalbynda hem
agyr ýatlamalar bolup ýaşaýar. Doganlyk halklar bilen birlikde urşuň agyr
synaglaryny başdan geçiren watandaşlarymyzyň müňlerçesi dünýäde parahatçylygyň
we azatlygyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiňdir gaýduwsyzlygyň,
hakyky watançylygyň hem-de belent adamkärçiligiň deňsiz-taýsyz nusgasyny
görkezdiler. Olaryň söweş edermenligi we ýanbermez gaýduwsyzlygy Watanymyzyň
taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Gowgaly uruş ýyllarynda tylda galan Türkmenistanyň
ilaty — garrylardyr gelin-gyzlar we ýetginjekler gije-gündiz gaýratly zähmet
çekip, bol galla we pagta öndürdiler. Fronta zerur bolan önümleri, egin-eşik we
azyk iberip, şanly Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular. Goranmak gaznasyna
altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyryp, ynsanperwerligiň belent
nusgasyny görkezdiler. Uruş döwründe çeper elli gelin-gyzlarymyz ajaýyp sungat
eserine öwrülen «Türkmeniň kalby» atly ägirt uly halyny hem dokadylar.
Ynsan mertebesini belent, hatyrasyny mukaddes
tutmak biziň milli ýörelgämizdir. Şoňa görä-de, biz paýtagtymyzdaky «Halk
hakydasy» ýadygärlikler toplumynda, şäherdir obalarymyzdaky ýüzlerçe
ýadygärliklerde uruş gahrymanlarymyzyň, tutanýerli zähmeti bilen taryhy Ýeňşi
ýakynlaşdyran tylyň merdanalarynyň çuňňur hormatlamak we çäksiz minnetdarlyk
duýgulary bilen hatyralaryny belent tutýarys. Merdana watandaşlarymyzyň
aldym-berdimli söweşlerdäki gahrymançylygy hem-de gaýduwsyzlygy häzirki we
geljek nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşar!
Eziz watandaşlar!
Biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasynda
Türkmenistanyň halkynyň, her bir raýatyň, döwletiň bähbidi durýar. «Döwlet adam
üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni
ugurlarda gülläp ösmegi üçin düýpli özgertmeleri amala aşyrýarys. Giň gerimli
durmuş syýasatyny alyp barýarys. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň her bir raýaty,
pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen jemgyýetimiziň
agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmaga, ýaş nesilleri
watansöýüjilik hem-de ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant
goşýan uruş we zähmet weteranlarymyz, maşgala ojagyna wepaly eziz enelerimiz
hakynda uly aladalary edýäris. Olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli
ýokarlandyrmaga, saglyklaryny berkitmäge döwlet derejesinde uly üns berýäris.
Eziz Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde,
şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlarymyza durmuş
ýeňilliklerini döredýäris.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda
hem jemgyýetimiziň sazlaşykly ösmegini gazanmak, jebisligimizi has-da
berkitmek, ýaş nesillerimizi watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, belent
ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde öwüt-ündewleri bilen bahasyna ýetip bolmajak
işleri bitirýän weteranlar — parasatly ýaşulularymyz, kümüş saçly mährem
enelerimiz bilen tolgundyryjy duşuşyklary, gyzykly söhbetdeşlikleri geçirýäris.
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary, urşa
gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny we tylda zähmet çeken weteranlary «1941—
1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda
gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak barada karara
hem geldik. Olara ýubileý medalyny we gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryny
dabaraly ýagdaýda gowşurýarys. Parahat we azat durmuş üçin söweşip, ot-ýalnyň
içinden geçen gahrymanlarymyz, özleriniň çagalygyny, ýaşlygyny şol ýowuz
ýyllara pida eden ýaşuly nesiller biziň buýsanjymyzdyr.
Mähriban halkym!
Hormatly uruş
weteranlary!
Sizi uly pidalar çekilip gazanylan mukaddes
Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn!
Goý, bütin dünýäde hemişe parahatçylyk we
asudalyk bolsun!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we
abadan durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.