17-nji
iýunda Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, daýhan hojalyklarynda alnyp
barylýan işler bilen tanyşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz dikuçarda Bereket
etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän ak ekin
meýdanlarynyň ýanyna geldi. Bu daýhan birleşigi soňky ýyllarda Balkan
welaýatynyň iri obasenagat merkezine öwrüldi hem-de Watanymyzyň ähli
künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa
geçirilýändiginiň aýdyň mysaly bolup durýar.
Milli
Liderimiz gallaçy-kärendeçi Tagandurdy Baýramgulyýewiň ekin meýdanynyň ýanyna
gelip, ekerançynyň işleri, kärendesine alan ýeriniň möçberi, bugdaýyň
hasyllylygy, şeýle hem daýhanlar üçin döredilen mümkinçilikler bilen
gyzyklandy. Daýhanyň gürrüň berşi ýaly, ol 40 ýyla golaý ekerançylyk bilen
meşgullanýar, 17 gektar meýdany kärendesine alyp, bugdaýyň «Bereket» görnüşini
ösdürip ýetişdirýär hem-de her gektardan 40 — 45 sentner hasyl almagy
meýilleşdirýär.
Soňra döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden Bereket etrabynyň «Nurly
meýdan» daýhan hojalygynyň ekerançylyk ýerleriniň we önümçilik desgalarynyň
ýerleşýän ýerine tarap ugrady. Bu daýhan hojalygy Aşgabat — Türkmenbaşy
awtomobil ýolunyň golaýynda ýerleşýär. 2013-nji ýylda döredilen daýhan
hojalygynyň Bereket etrabyndaky ekin meýdanynyň umumy möçberi 393 gektar bolup,
onuň 343,7 gektaryna ot-iýmlik ekinleri ekilýär, önümçilik desgalarynyň
ýerleşýän ýeriniň meýdany 50 gektara golaý.
Bu ýerde
“Nurly meýdan” daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Täçmyrat Tuwakow hormatly
Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz daýhan hojalygynyň
ýolbaşçysy bilen gürrüňdeş bolup, onuň alyp barýan işleri, maşgala ýagdaýy,
hojalygyň öndürýän önümleri hem-de onuň önümçilik desgalarynyň enjamlaşdyrylyşy
bilen gyzyklandy.
T.Tuwakow milli Liderimize hojalykda ýerine
ýetirilýän işleriň gerimi giňeltmegi, dowarlaryň we iri şahly mallaryň sanyny
artdyrmagy göz öňünde tutýandygyny aýdyp, hojalygyň berk ot-iýmlik binýadynyň
döredilýändigini nygtady. Häzirki wagtda hojalygyň mekgejöwen ekilen
meýdanynyň möçberi 50 gektara barabardyr. 50 gektara golaý ýerde bolsa ýorunja
ösdürilip ýetişdirilýär. Soýa ekilen ýeriň meýdany bolsa 24 gektara barabardyr.
Şeýle hem hojalygyň bugdaý, arpa we beýleki ekinler üçin niýetlenen 222
gektardan gowrak sürümli ýeri bar.