11-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna
resmi sapary başlanýar, milli Liderimiziň bu sapary azerbaýjanly kärdeşi Ilham
Aliýewiň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
Türkmenistany
we Azerbaýjany öňden gelýän dostlukly hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary
birleşdirýär. Bu gatnaşyklar iki doganlyk halklaryň asyrlaryň dowamynda kemala
gelen taryhy-medeni ýakynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Häzir döwletara
hyzmatdaşlygy täze anyk mazmuna eýe bolýar, munuň üçin amatly şertler we
mümkinçilikler bar.
Abraýly sebit
we halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklara netijeli häsiýet
mahsusdyr, şunda taraplaryň ikisi hem dünýäniň gün tertibiniň wajyp meseleleri
boýunça garaýyşlaryň hem-de çemeleşmeleriň ýakynlygyny görkezýärler.
Bu,
aýratyn-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlary, şol sanda
ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesini amala aşyrmak, öňüni alyş diplomatiýasy,
ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny döretmek, Merkezi Aziýa we
Hazar deňzi sebitlerini durnukly ösdürmek babatda başlangyçlary bilen
baglylykda ähmiýetlidir.
Dürli
derejedäki wekiliýetleriň yzygiderli saparlary, ilkinji nobatda, iki döwletiň
ýolbaşçylarynyň şahsy gatnaşyklary, şol sanda halkara häsiýetli iri çäreleriň,
hususan-da, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de hazarýaka ýurtlarynyň
Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň çäklerindäki gatnaşyklar netijeli hyzmatdaşlygy
okgunly ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar.
Baku şäherinde
geçiriljek şu gezekki duşuşygyň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly
Berdimuhamedow hem-de Ilham Aliýew türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň esasy
ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň
meseleleri boýunça pikir alşarlar.
Garaşylyşy
ýaly, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we
ösdürmäge uly üns berler. Türkmenistan we Azerbaýjan köp mukdarda tebigy
serişdeler kuwwatyna, şol sanda uglewodorodlaryň ägirt uly gorlaryna eýedir, bu
bolsa, strategiki taýdan möhüm ugurlarda netijeli gatnaşyklar üçin giň mümkinçilikleri
açýar.
Şeýle hem iki
goňşy döwletleriň çäk taýdan ýerleşişi Ýewropany we Aziýany birleşdirýän, ýük
daşamakda halkara logistika düzümine goşulyşmagy üçin amatly gury we deňiz
ýollaryny üpjün edýän döwrebap yklymlara aragatnaşyk geçelgelerini kemala
getirmek boýunça taslamalary amala aşyrmakda tagallalary netijeli birleşdirmek
üçin amatly şertleri döredýär.
Özara
gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemekde hem-de işewür gatnaşyklary
giňeltmekde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-azerbaýjan
toparyna hem-de işewürlik düzümlerine ähmiýetli orun degişlidir.
Iki doganlyk
halklaryň baý medeni we ruhy mirasy, mizemez dostluk gatnaşyklary bu gün
Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin
ygtybarly esas bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň ikisi hem däbe
öwrülen ynsanperwer gatnaşyklaryna, şol sanda bilim, ylym we medeniýet
ugurlarynda hem-de sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklara uly ähmiýet
berýärler.
2018-nji ýylyň
awgustynda kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany
nazara almak arkaly, hazarýaka döwletleriň bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň
degişli şertnamalaýyn-hukuk binýadyny döretmek bilen bagly möhüm mesele
taraplaryň ikisi üçin hem derwaýys bolup durýar.
Mahlasy, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň duşuşygynyň jemleri boýunça kabul ediljek resminamalar taraplaryň tagallalary netijesinde, uly depgine we netijelilige eýe bolýan döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň ýolunda nobatdaky wajyp ädim bolar.