11-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow resmi sapar bilen Azerbaýjan Respublikasynda boldy.
Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa
menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar
garşyladylar we olar milli Liderimizi Azerbaýjan topragynda görýändiklerine
şatdyklaryny nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyzyň ulag kerweni howa
menzilinden Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» kabulhanasyna tarap ugrady. Bu
ýerdäki meýdançada belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata
düşmek çäresi tamamlanandan soň, türkmen-azerbaýjan ýokary derejedäki ikiçäk
gepleşikler boldy.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň
resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.
Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler
tamamlanandan soň ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary
bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ylham Aliýew Bilelikdäki
Beýannama gol çekdiler.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan
soňra, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Gepleşikleriň jemleri barada aýdyp, Prezident
Ilham Aliýew olaryň iki ýurduň we halklaryň arasynda dostluk hem-de doganlyk
gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek üçin ähmiýetli bolandygyny nygtady.
Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda iki halkyň
etniki, dil we medeni umumylygyny nazar alyp, ynsanperwer gatnaşyklaryň
wajypdygy barada aýdyldy. Bir söz bilen aýdanyňda, şu gezekki duşuşygyň gün
tertibi örän netijeli boldy we umuman biziň döwletlerimiz işjeň gatnaşyklary
alyp barýarlar diýip, Azerbaýjanyň Baştutany nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
ýokary derejede geçirilen duşuşygyň jemlerini teswirläp, ýurdumyzyň
wekiliýetiniň adyndan Azerbaýjana gelip görmäge çakylyk, myhmansöýerlik,
mähirli kabul edilendigi hem-de bilelikde işlemek üçin amatly şertleriň
döredilendigi üçin Prezident Ilham Aliýewe çuňňur minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy, energetika pudagy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem uglewodorod serişdelerine örän baý ýurtlardyr. Energetika meseleleri barada aýdylanda, biz bu serişdeleri dünýä bazarlaryna ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdarydyrys, şunda, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň arasyndaky deňeçerlik ýörelgesi öňe sürülmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Taraplar şeýle hem gaz we nebithimiýa hem-de dokma senagaty, obasenagat toplumy ýaly we beýleki pudaklar boýunça bilelikdäki hereketleri ylalaşdylar.