milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylary gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşyjylary gutlady
10 sagat öň 12 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady.

Hormatly Prezidentimiz öz Gutlagynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň we gazanylan üstünlikleriň geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydygyny aýratyn nygtaýar. Bellenilişi ýaly, şu ýörelgeden ugur alyp, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuş ugurly çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze obalar, şäherler bina edilip, halkymyzyň ýokary hilli ýaşaýyş şertleri üpjün edilýär. Bu tutumly işler ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň esaslaryny berkidýär. Munuň şeýledigine her ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna bagyşlanyp geçirilýän Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisinde aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Garaşsyzlygyň beýik maksatlara beslenen ösüş ýolunda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimiziň binýatlyk esaslary syýasy, kanunçylyk, ykdysady taýdan has-da berkidildi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky ösüşler milli mirasymyz hem-de häzirki zamanyň ruhy-aňyýet talaplary esasynda ýokary derejelere ýetirildi.