milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini gutlady
1 gün öň 32 Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň depginli we sazlaşykly ösýändigini alamatlandyrýan ajaýyp baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda: «Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ylmy-amaly maslahatlar, köp sanly bedenterbiýe-sport hem-de medeni çäreler bilen birlikde, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň hem-de umumy ýaşaýyş jaýynyň, paýtagtymyzda, obadyr şäherlerimizde bolsa täze orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly açylmagy ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä derejesinde has-da ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär» diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ýurdumyzyň abraýydygyny hem-de buýsanjydygyny, her bir ogul-gyzyň türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Togrul beg, Salyr Gazan, Soltan Jelaleddin ýaly merdana pederlerimiziň watançylyk we ynsanperwerlik taglymatlaryndan, astronomiýa, geologiýa, fizika, himiýa, geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil bilimi ýaly ylymlaryň esasy ugurlary boýunça belent derejelere ýeten ýüzlerçe alymlarymyzdyr söz ussatlarymyzyň döredijilik ylhamyndan ruhlanyp, beýik açyşlary, oýlap tapyşlary, döredijilik eserleri we zähmeti bilen ata Watanymyza, halkymyza wepaly hyzmat etmelidigini belledi.