30-njy
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň
häkimleriniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir degişli ministrlikleriň
we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň
Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň agzalarynyň
gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine
arassaçylyk ýagdaýyny saklamak, keselleriň öňüni almaga hem-de ilata edilýän
lukmançylyk hyzmatyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen anyk
çäreleri işläp taýýarlamak meseleleri girizildi.
Şunuň bilen baglylykda, ýüze çykýan ýokanç keselleriň, dümewiň ýaýramagyna gözegçilik boýunça maksatnamany işläp taýýarlamaga degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.