22-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «TOСHU Сorporation»
kompaniýasynyň wise-başlygy, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen
komitetiniň başlygy Ýoiçi Koboýaşini kabul etdi.
Duşuşygyň
dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça işjeň pikir
alyşmalar boldy. Milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we köpugurly esasda
ösdürmek, ylma esaslanýan hem-de ähli ölçegler boýunça halkara ülňülerine laýyk
gelýän ýokary hilli bäsdeşlige ukyply önümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda
öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek boýunça Türkmenistan bu ugurda
ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Hormatly Prezidentimiz
hem-de myhman anyk teklipler we degişli şertnamalaýyn-hukuk binýat bilen
berkidilýän türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de uzakmöhletleýin
hem-de ikitaraplaýyn bähbitli esasda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Takahiko Kasumata gatnaşdy.