Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation»
kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti,
maşyngurluşyk kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi. Duşuşykda myhman
Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň amatly maýa goýum ýagdaýy, işlemek üçin ähli
zerur şertler döredilen türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma
bildirýändiklerini nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz şu ýylyň aprel aýynda Ýaponiýa saparynyň dowamynda ýokary
derejede gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygyny
belläp, saparyň çäklerinde Hiroýuki Subaý bilen duşuşygyny ýakymly duýgular
bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Şeýle hem döwlet
Baştutany saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň «EKSPO — 2025» Bütündünýä
sergisine gatnaşandygyny aýdyp, sergide ilkinji bolup Türkmenistanyň Milli
gününiň hem-de pawilýonynyň açylyş dabarasynyň geçirilendigini kanagatlanma
bilen belledi.
Hiroýuki Subaý hormatly
Prezidentimiziň saparynyň dowamynda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri
bilen duşuşygynda beýan eden teklipleriniň we başlangyçlarynyň ähmiýetini
belläp, häzirki wagtda bu teklipleri durmuşa geçirmäge girişilendigini aýtdy.
Özara bähbitli
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi barada
pikir alyşmagyň dowamynda iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa
geçirmekde ýapon kompaniýalarynyň uly goşandy bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iri ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanyň
gaz we himiýa senagatynda taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýdyp, ýurtda
döredilen amatly şertleri hasaba almak bilen, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy
täze ugurlar boýunça ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň
bilen baglylykda, bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmekde Türkmen-ýapon ykdysady
hyzmatdaşlyk komitetiniň alyp barýan işiniň ähmiýeti nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň
Türkmenistanda birnäçe iri taslamalaryň gurluşygyna gatnaşandygyny belläp,
türkmen döwletiniň bu kompaniýa bilen hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmäge
taýýardygyny beýan etdi.
Işewür Türkmenistanda daşary ýurt kompaniýalaryna netijeli işlemäge döredilýän hemmetaraplaýyn amatly şertler üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belledi.