21-nji maýda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýewropada howpsuzlyk we
hyzmatdaşlyk guramasynyň häzirki Başlygy, Slowakiýa Respublikasynyň daşary
hem-de ýewropa işleri ministri Miroslaw Laýçagy kabul etdi.
Duşuşykda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ÝHHG-niň häzirki
Başlygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň
mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Durmuş-ykdysady pudakda energetika
we ulag-aragatnaşyk toplumlarynda, ynsanperwer ulgamda hem-de beýleki birnäçe
ugurlarda özara gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.
Söhbetdeşligiň
dowamynda dürli ugurlarda uzakmöhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary ýola
goýmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nazara alnyp, türkmen-slowak
hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyga ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozd gatnaşdy.